JEMGYÝET

Täze ýyl baýramynda Türkmenistanda awtobuslar we taksiler üznüksiz işlär

Täze ýyl gijesinde Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmaty bökdençsiz ýola goýlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň metbugat sahypalarynda beren bildirişinde aýdylýar.

Bildirişde hem görkezilişi ýaly, şäheriçi awtobuslar bilen birlikde Aşgabat ― Änew we Aşgabat ― Gökdepe aralygyndaky awtobuslar 31-nji dekabr güni ir sagat 6-dan 1-nji ýanwar üçin gje 2-ä çenli üznüksiz işlär. Şäherdäki taksiler bolsa gije-gündiziň dowamynda hyzmat eder.

Agentlik şeýle mümkinçilikleriň ýurdumyzyň welaýatlarynda hem boljakdygyny habar berýär. Welaýatlarymyzda ýaşaýan okyjylarymyz ýüze çykan sowallar bilen Mary şäherinde (+993522) 7-96-22, 5-65-75, 5-60-12; Türkmenabat şäherinde (+993422) 6-29-01, 6-34-37; Daşoguz şäherinde (+993322) 6-62-87, 6-07-04; Balkanabat şäherinde (+993222) 6-79-06, 6-66-06 we Türkmenbaşy şäherinde (+993243) 4-79-24, 4-79-35 belgili telefonlara ýüz tutup bilerler.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Related posts

Aspirantura, ordinatura we doktorantura kabul ediljek dalaşgärler

vepa

2023-nji ýylyň iň gowy etraby – Ak bugdaý etraby

Wladimir Putin Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri