JEMGYÝET

Wladimir Putin Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi. Onuň bellemegine görä, Wladimir Putiniň bu sapary Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Russiaý Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana saparyny amala aşyrar.

– Russiýanyň Prezidentiniň 12-nji dekabrda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu forum hem-de bu wakalar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanandyr – diýip, Ýuriý Uşakow metbugat wekillerine beren beýanatynda habar berdi.

 

Related posts

Türkmenistan elektrik energiýasynyň we tebigy gazynyň Türkiýä iberilmägine taýýar

Ata Watan Eserleri

Braziliýa 23-nji, Ekwador 5-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri