DÜNÝÄ

Putin 26-27-nji maýda Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Şu günler Belarus Respublikasyna saparyny amala aşyrýan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 26-27-nji maýda Özbegistanda döwlet saparynda boljakdygy habar berildi. Bu barada Prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.

Onuň bellemegine görä, sapar ýekşenbe we duşenbe günleri amala aşyrylar. Uşakow Wladimir Putin bu saparynyň çäklerinde diňe Daşkentde gepleşikler geçirjekdigini belledi.

Habar berilmegine görä, bu saparyň çäklerinde ilkinji iş duşuşyklary 26-njy maýda agşam göz öňünde tutulýar.

Putiniň Özbegistana saparynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Related posts

Täjigistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistana geldi

Ilon Mask syýasy partiýa döredýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy