SPORT

“Porto” kubogy gazandy

Portugaliýa kubogynyň finalynda “Porto” topary “Benfikany” 2-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 38-nji minutynda “Porto” toparynyň futbolçysy Luis Diaz gyzyl petek oýundna çykaryldy. Bir oýunçy kem oýnandygyna garamazdan, “Porto” topary ýeňiş gazanmagy başardy.

Final duşuşygy “Sýudad de Koimbra” stadionynda geçirildi. 2010/11 möwsüminden bäri ilkinji gezek “Porto” ýeňiş gazanmagy başaryd. Bu toparyň 17-nji kubogy boldy.

Häzirki wagtda Portugaliýanyň milli kubogyny iň köp gazanan topar “Benfikadyr”. Onuň hasabynda 26 milli kubogy bar.

Şeýle hem “Porto” topary şu möwsümde Portugaliýanyň çempiony boldy. şeýlelikde, topar 2 gyzyl medal gaznayp, möwsümi şowly tamamlady.

Related posts

Türkmenistan FIFA-nyň täze sanawynda näçenji orunda?

Peläniň ýagdaýy erbetleşdi

Iň köp kubok gazanan futbolçy Meksikada oýnar

Ata Watan Eserleri