BIZNES

Nebit gara ýol bitumyna içerki bazarda isleg bildirilýär

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda «Türkmennebit» döwlet kärhanasy tarapyndan öndürilen BND 60/90 kysymly nebit gara ýol bitumy uly islege eýe boldy.

Türkmen telekeçileri jemi bahasy 6 035 000 TMT barabar bolan 3550 tonna önümi satyn aldylar. Alyjylar nebit önüminiň bir tonnasynyň bahasyny 1,7 müň TMT diýip kesgitlediler.

Nebit gara ýol bitumlary gara ýol beton garyndylarynyň bir bölegi bolup, ol ýol gurluşygynda we ýollary abatlamak işlerinde giňden ulanylýar.

Related posts

Dünýäniň iň ýaş milliarderi

Ata Watan Eserleri

Türkmen-türk işewürler geňeşiniň duşuşygy geçirildi

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Leave a Comment