MEDENIÝET

Moskwada Täze ýyl feýerwerki ýatyryldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Täze ýyl baýramçylygy adaty görnüşden has az şowhunly görnüşde belleniler. Moskwa şäheriniň häkimliginiň habar bermegine görä, Täze ýyl gijesindäki baýramçylyk feýerwerki hem ýatyryldy.

– Geçen ýyl bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda hem feýerwerk bolmaýar – diýip, bellenildi.

Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy gijesi Russiýanyň 20 sebitinde hem feýerwerkler ýatyryldy. Olaryň arasynda Murmansk, Rýazan, Kurgan, Wologde, Lipesk, Rostow, Stawropol, Perm, Krasnodar, Başgyrdystan, Kabardin-Balkariýa, Koma we Hanty-Mansiýsk awtonom okrugy bar.

Related posts

2024-nji ýylda kosmosda studiýa açar

Ata Watan Eserleri

Magtymgulynyň özboluşlylygyny we beýikligini ýewropaly okyjylar üçin ilkinji bolup A.Wamberi we A.Hodzko açdylar

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň Katara sapary

Ata Watan Eserleri