JEMGYÝET

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy-ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy

ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä  Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň Ýaşlar başlangyçlaryny we beýleki şuňa meňzeş taslamalaryň arasynda özara gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu Jemgyýet ýaşlary öz guramalarynyň işine giňden çekmäge, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Ol şeýle hem ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar we ýaşlaryň guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi Türkmenistanyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Related posts

«Ýyldyz söweşleri» filminiň aktýory Endrýu Jek aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasy sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy

vepa