DÜNÝÄ

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşugyň dowamynda 2024-nji ýylyň fewralynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 16-njy mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

Related posts

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary

Türkmen Lideri Ahmet Çalığı Kabul etti

vepa

Visit of the delegation of the Republic of Korea to Turkmenistan

vepa