SPORT

Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň germaniýaly tälimçisi Ýurgen Kloppyň Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler.

Metbugatdaky habarlara görä, 52 ýaşly Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň şu wagtky tälimçisi Ýoahim Lewiň ýerini dolduryp biljekdigi aýdylýar.

Klopp 2015-nji ýylyň güýzünde Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň tälimçiligine bellendi. Golaýda bu topar bilen şertnamasynyň möhletini 2024-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy.

“Liwerpul” şu möwsümde 29 tapgyrdan soňra 82 bal toplap, birinji orunda barýar. Kloppyň tälimçiliginde “Liwerpul” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny we dünýäniň klublar çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň şu wagtky tälimçisi Ýoahim Lew 2014-nji ýylda Germaniýany dünýäniň çempiony etdi. Lewiň şertnamasy 2022-nji ýylda tamamlanýar.

Related posts

De Bruýneniň karýerasyndaky ilkinji “poker”

Ata Watan Eserleri

Hawi Niderlandlaryň tälimçisi, soňky 48 ýylda ilkinji daşary ýurtly hünärmen

Ata Watan Eserleri

Gwardiol “Mançester Siti” topary bilen şertnamasyny uzaltdy

Ata Watan Eserleri