Injir hakda kelam agyz

Ösümlik we haýwanat dünýäsi janly tebigatda özboluşly orny tutýar. Ýaşaýşynyň dowamynda biri – biri bilen  aýrylmaz baglanşykly bolýar.  Esasan hem tebigatda ösümlikleriň gülleri mör – möjekler arkaly tozanlanýar. Bu hadysa ylymda “entomofiliýa” diýilýär. Emma ösümlikler dünýäsinde injir agajy beýleki agaç görnüşlerden düýbünden tapawutlanýar. Injir agajy beýleki gülli ösümlikler ýaly gülleýär ýöne, onuň gülüni göz bilen görip bolmaýar. Injiriň güli daragtyň ýapraklarynyň goltugynda gysgalan baldagyň ujynda armyt şekilli emele gelme hemmämize tanyşdyr.  Biz oňa injir miwesi diýýäris ýöne, injir güllerini şol miwäniň içinde ýerleşýär. Bir sany armyt şekilli injir miwesinde 800-1500 çenli gülleriň  emele gelýändigi hakynda käbir maglumatlarda duş gelmek bolýar. Injiriň miwesini iýen wagtymyz  ownujak digir-digir  tohumjyklara duş gelýäris. Bu bolsa injiriň hakyky miwesi ýagny oňa “hozjagazlar” diýilýär. Injir agajy bir ýylda üç gezek gülleýär we üç görnüşli gülleri emele getirýär.

Şeýlelikde injiriň beýleki miwe berýän agaçlardan tapawudy, tozanlanma hadysasyna arynyň ýörite bir görnüşi gatnaşýar. Injir gülini tozanlandyrýan ara “blastofag” hem diýilýär. Injir  arysynyň ýaşaýşy  injir agajy bilen berk baglanşykly. Arynyň ululygy bary ýogy  1-2 mm deň. Şol sebäpden  blastofag diňe injir güllerini tozanlandyrýandygy üçin   ylymda bu hadysa “kaprifikasiýa” diýilýär. Miweleriň emele gelmegi üçin, injir arysy injiriň güýzde düwen miweleriniň içinde we toprakda  gyşlaýar.  Ir ýazda bolsa  injir miwesini deşip içine girýär. Miwäniň galyň gabygyny deşip  içine girende injir arysy özüniň ganatlaryny we murtyny ýitirýär. Şol sebäpli ýumurtga goýan ene ary miweden çykyp bilmeýär. Sebäbi ol uçmaga ukypsyz bolýar. Şeýlelikde injir arysynyň ýumurtgalaryndan ilki atalyk jynsly arylar çykýar we enelik jynsly arylara ýumurtgadan çykmagyna, iýmitlenmegine kömek edýär. Şeýlelik-de  güllerinden injir arysynyň nesli ýetişip ýumurtga goýmak üçin başga gülleriň  gözlegine çykýar, şol döwürde injiriň ikinji gezek güllän döwrüne gabat gelýär. Arylar bedenine tozan dänejiklerini ýapyşdyryp höwürtgesinden çykyp gidýär. Emma atalyk jynsly arylar injir miwesiniň içinde galýarlar. Sebäbi olar ganatsyz we kör dogulýarlar . Injir miwesiniň içinde arylar  ölýär, olary özleşdirmek üçin miwäniň içinde proteaza fermentini saklaýan  “Fisin” maddasy bölünip çykýar. Onuň täsirinde ölen ary galyndylary beloga öwrülýär.

Häzirki döwürde bu iki organizmiň arasyndaky gatnaşygy “Tropiki tokaýlary öwrenýän Kornella we Simitsonian” instituty içgin öwrenipdir.   Biologlar  ýörite barlag geçirip görenlerinde, ary injiriň gülini tozanlandyrman diňe ýumurtgasyny goýup gitse injir agajy aryny jezalandyrýar. Tozanlanmadyk injir miwesini dökýär. Tozanlanmadyk enelik güllerde ýumurtgadan çykan  liçinkalar we güller ölýär. Şunuň ýaly görkezijiler iki organizmiň arasyndaky uzak ewolýusion simbiotik gatnaşyklaryň bardygynyň subutnamasydyr. Bu iki organizmiň arasynda dogryçyllygyň inçe usulynyň saklanmagy  biri-birini egoistiki ulanmaklyga ýol bermeýär diýip,  netijä gelipdirler.

Mundan başga-da “blastafag” injir arysynyň morfologiki gurluşy örän täsin.   Sebäbi ownujak mugtuhor injir arysyny dünýäniň  ylmy barlag institutlarynda içgin öwrenýärler. Muňa mysal edip,  Hindistanyň  Banglordaky  ylmy barlag institutyny aýtmak bolýar. Ol ýerde barlagy alyp baran doktor Namrata Gundia köp sanly barlaglary geçirdi. Injir arysyny öwrenende injir arysynyň ýumurtga goýjysy gurluşyny öwrenipdirler. Ýagny arynyň buraw şekilli ýumurtga goýjysyny miwäni  deşende miwäniň içki himiki gurşawyny barlaýar Ýumurtga goýjysy  mikroskopiki senser  wezipesini ýerine ýetirýär. Ýumurtga goýujy mikroskopik ululykda bolup 7-8 mm, ini 15 mikrometr ulylykda. Injir arysynyň buraw şekilli ýumurtga goýujy iňňesiniň hemme ýerinde deşjekler bolup, berklik we maýyşgaklyk berýär. Iňňäniň döwülmezligine we eplenmegine kömek edýär. Geljekde injir arysynyň ýumurtga goýjysyny öwrenmek arkaly mikrohirugiki tehnikany, topragyň we gaty dag jynslaryndan  nusgalaryny almak üçin mümkinçilik berer diýip, pikir edýärler. Mundan başga-da arynyň daşky gulyşyny öwrenmekligiň esasy sebäbiniň bardygyny  bilermenler belläp geçýärler.  Blastofagyň ýumurtga goýujysy ösüntgili böleklerden durup ýumurtgany iteklemäge kömek edýär. Bu funksiýany gelejekde ylymda dokumalary kesmekde ulanyljak enjama başlangyç berer diýip, ylmy barlagy alyp barýanlar belläp geçýärler. Ýene-de ýumurtga goýujynyň ujy sink elementinden durýandygyny alymlar anyklapdyrlar. Şeýlelikde  sink elementini  bioabsorbirleýji, ýürek diwarlarynyň inplantanty üçin mümkinçilik berer diýip, belleýärler. Londonyň imperator kollejinde bilermenler blastofag arysynyň gurluşyny öwrenip şonuň esasynda newrologik zond oýlap tapdylar. Şeýlelik-de dünýäde blastofag arysyny öwrenýän bilermenleriň  aýratyn hem Hindistanyň ylmy instituty mör-möjegiň şeýle mümkinçiligi dünýäni özgertjekdigine garşy gitmeýärler.                                                                   

Maýa HAJYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň  mugallymy.

 

Related posts

«Teatr – meniň ykbalym!» atly çeper-publisistik film surata düşürilýär

Hindistanyň Premýer-ministri döwlet sapary bilen Özbegistana bardy

Bişkekde 1-nji sentýabrda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti geçiriler

Toşimisu Motegi: Türkmen-ýapon gatnaşylaryny has-da ösdürmäge giň mümkinçilik bar

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 1-nji sentýabrda täze mekdepler açylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler

Türkmenistanda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna girişiler

GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2-nji sentýabrda umumy sapak geçer

Ylym-bilim — üstünlikleriň gözbaşy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň täze ilçisini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy bilim babatda täze resminamalara gol çekişer

Ata Watan Eserleri

28-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana geler

Gazagystanyň Gurultaýynyň başlygy Aýbek Dadebaý boldy

Norwegiýanyň täze patyşasy Hokon VIII adyny aldy

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edaralarynyň wideokonferensiýa duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň we Nepalyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi