Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biridir. Türkmenistan hem-de Türkiýe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Türkiýe Respublikasy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine uly kanagatlanma bildirdi.
Türkiýäniň ilçi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
