Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Motegi 29-njy awgustda iş sapary bilen Türkmenistana ugrar, ol ýerden bolsa Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa boýunça saparyny dowam etdirer diýlip, Ýaponiýanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.
Saparyň öňünden taýýarlanan tertibine görä, ministr 29-njy awgustda Tokionyň «Haneda» howa menzilinden uçup, şol gün Aşgabada geler. Soňra onuň ugry Bratislawa (30-njy awgust), Wena (1-nji sentýabr) we Ulan-Bator (2-nji sentýabr) şäherleri arkaly geçer.
Saparyň dowamynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri sapar bilen barýan ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we beýleki ýokary wezipeli hökümet wekilleri bilen gepleşikleri geçirer.
Habarda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda energetika, düzüm (infrastruktura), ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
