SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Iň uzyn gulakly it

Pandemiýa wagtynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýaşaýjysy, içgysgynçlykdan itiniň gulaklarynyň uzynlygyny ölçemek kararyna geldi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasyndaky habara görä, dört aýakly haýwanyň bu beden agzasy dünýäde iň uzyndygy ýüze çykdy.

Üç ýaşyndaky Lu atly itiň gulaklarynyň uzynlygy 34 santimetr. Şeýle görkeziji bilen haýwan rekord goýdy we häzirki wagtda dünýäde iň uzyn gulakly it boldy.

Rekordçy “kunhaund” aw itiniň maşgalasyna degişlidir. Onuň uly gulaklary awyny tapmaga kömek edýär. Itiň gulaklary ýerde süýrenip, köne yslary almaga ýardam edýär.

Onuň eýesi Paýj Olsen, gulaklarynyň uludygyna garamazdan, weterinar lukmanlarynyň aýratyn ideg talap etmeýändigini aýtdy. Aýda bir gezek arassalygyny barlap durýar.

 

Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri kim bolar?

Related posts

14 aýdan soňra adaty durmuşa dolanýarlar

Agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär

Türkmenistan “EpiWakKorona” sanjymyny bellige alan ilkinji ýurt

Ata Watan Eserleri