TEHNOLOGIÝA

Iki uly kompaniýanyň hyzmatdaşlygy

Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy global hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly “Toyota” mobil hyzmatlar platformasyny mundan beýläk-de ösdürmek arkaly “Amazon” kompaniýasy bilen şertnama baglanyşdy. Şertnama laýyklykda, “Toyota” kompaniýasynyň inženerleri, sürüjileriň hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny we rahatlygyny üpjün etmek üçin awtoulaglara niýetlenen ykjam hyzmatlaryny ösdürerler.

“Toyota”-nyň hyzmatlar platformasy, “Amazon”-nyň global web hyzmatlary infrastrukturasyny, şeýle hem tejribesini ulanar. Hyzmatdaşlygyň çäginde awtoulagyň kärendesine berilmegi, sürüjiler tarapyndan dolandyrylýan ätiýaçlandyryş hyzmatlary ýaly täze müşderi hyzmatlary ýaly programmalar işlenip düzüler.

Related posts

“Samsung” akylly sagady wagtly-wagtyna elimizi ýuwmagy ýatladar

“Samsung” täze telefonyny hödürlär

Ata Watan Eserleri

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär