DÜNÝÄ

Hindistan Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetine üns çekdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de syýahatçylyk pudaklary kesgitlenildi. Şeýle hem, sanly we häzirki zaman maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmenistan bilen Botswana diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda saparda bolýar

Türkmenistan gemi inşaatına başlıyor

vepa