JEMGYÝET

Halkara Bitaraplyk güni: 302 türkmen raýatyň we 6 daşary ýurt raýatyň günäsi geçildi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisde eden çykyşynda uly baýramlaryň öňýanynda toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly işleriň geçirilýändigini belläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek bilen baglanyşykly Permana gol çekdi.

Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiz iş kesilen 302 raýatyň hem-de 6 sany daşary ýurt raýatynyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

“QS World University Rankings 2025”: dünýäniň abraýly uniwersitetleriniň sanawy

Adam atlarynyň manysy 20-nji fewral

Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri