BIZNES

Gülgüne göwher 60 million dollara satyldy

Geň galdyryjy gülgüne göwher, garaşylýan bahasyndan birnäçe esse ýokary bahadan, ýagny 60 million dollara satyldy. Bu barada “CNN” teleýaýlymy habar berýär.

“Sotheby’s” auksion öýüniň habaryna görä, ullakan daş  453,2 million gonkong dollaryna ýa-da 58 million dollara satyldy. Bu daşyň takmynan 21 million dollara satylmagyna garaşylýardy.

“Sotheby” -iň metbugat beýanatyna görä, Uilýamsonyň gülgüne ýyldyzy diýlip atlandyrylýan 11,15 karatlyk gülgüne göwher, satuwa çykarylan iň arassa we gülgüne göwherdir.

Gymmat bahaly daş, Tanzaniýadaky Uilýamson käninden 32 karatlyk işlenmedik göwherden kesilip alnypdy.

 

Related posts

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Lebap welaýatynda täze suw desgalary ulanmaga berildi

Türkmenistan IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment