DÜNÝÄ

Gruziýanyň täze Prezidenti wezipesine girişdi

Mihail Kawelaşwili parlament binasynda kasam kabul edip, Gruziýanyň 6-njy Prezidenti boldy. Bu barada gruzin metbugaty habar berýär.

Gruziýanyň täze Prezidenti üçin wezipesine girişmek dabarasy parlament binasynda geçirildi. Dabara 40 minut dowam etdi we oňa ýurduň hökümet wekilleri gatnaşdy.

53 ýaşyndaky Mihail Kawelaşwili 18 ýyl futol oýnady. Ol özüniň futbol karýerasynda “Spartak-Alaniýa”, “Mançester Siti”, “Grasshopper”, “Alaniýa” toparlarynda oýnap, “Bazel” toparynda karýerasyny tamamlady.

Kawelaşwili UEFA tarapyndan professional tälimçilik işleri üçin ygtyýarnama aldy we futbol boýunça hünärmen bolup işledi.

Related posts

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça duşuşyk

Ýewropa Bileleşiginden daşky gurşawy goramak babatda aýgytly ädim