TEHNOLOGIÝA

«Google» deri kesellerini anyklar

Ulanyjy tarapyndan ýüklenen surata esaslanyp, «Dermatology Assist» programmasy deridäki tegmilleriň, saçlaryň we dyrnaklaryň ýagdaýyny kesgitleýär.

Ýeri gelende aýtsak, «Google»-da her ýylda deri, saç we dyrnak bilen bagly 10 milliard çemesi gözleg geçirilýär. Ulanyjylaryň işini aňsatlaşdyrmak üçin bu programmanyň içine deri keselleriniň 65 müňden gowrak suraty ýerleşdirilipdir. Munuň üsti bilen programma deri bilen baglanyşykly 288 dürli geçiji ýagdaýlary anyklap bilýär.

Emma bu artykmaçlyk kesele anyklyk girizmäge we bejermäge mümkinçilik bermeýär. Diňe adamlary gereksiz howsaladan halas edýär we lukmana ýüz tutmagy ýatladýar. Programma 2021-nji ýylyň ahyryna işe girizilip başlanar.

 

14-nji gezek Fransiýanyň kubogyny gazandy

 

 

Related posts

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze Hyzmat: Makul Krosswordly Sözlük

Ata Watan Eserleri