JEMGYÝET

Eýranyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidentini Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlady.
Eýranyň Prezidentiniň gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagatyndan doly mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu sahawatly aý dünýäniň musulmanlary üçin ruhy gymmatlyklary artdyrmak, özara düşünişmek we mundan beýläk-de özüňi kämilleşdirmek, raýdaşlyk, jebislik üçin ýene-de bir mümkinçilik bolup durýar.

Beýik Biribardan mukaddes Oraza aýynyň dessurlaryny kabul etmegini, Siziň Alyhezretiňize we dünýäniň ähli musulmanlaryna abadançylyk dileýärin.

Related posts

Türkmenistan’dan Rusya’ya taziye

vepa

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Türkmenistan-Täjigistan: söwda gatnaşyklarynyň “ýol” kartasy düzüler

Leave a Comment