DÜNÝÄ

Dünýäniň iň baý adamynyň baýlygy artdy

«Amazon» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň emlägi 171,6 milliard dollara deň boldy. Dünýäniň iň baý adamynyň emlägi ýokarlandy. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

Şeýlelikde bir adamda pul serişdeleriniň köp möçberde jemlenmeginde taryhy rekord goýuldy. 2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda hem şeýle rekord goýlup, ol hem ýene-de Bezosa degişli boldy. Şondan onuň emlägi 167,7 milliard dollara deň boldy.

Bezosyň emläginiň köpelmegi onuň paýnamalarynyň bahasynyň çalt ösmegi bilen baglanyşyklydyr. 2-nji iýuldaky maglumata görä, ol 4,4 göterim köpeldi. Onuň biriniň bahasy 2878,7 dollara deňdir.

Birinji ýarym ýylda Bezosyň emlägi 56,7 milliard dollar köpeldi. Ykdysady taýdan kynçylykly döwürde Bezosyň emläginiň ýokarlanmagy köpleriň ünsüni çekdi.

Şeýle hem Bezosyň baýlygy 1 trillion dollardan geçip biljek dünýäde ilkinji adam boljakdygyna ynanylýar. Çaklamalara görä, bu 2026-njy ýylda bolar.

Related posts

Hytaý 75 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak dabarasyna gatnaşjak liderler belli bolýar

Awstriýa-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi