DÜNÝÄ

Donald Tramp resmi taýdan prezidentlige dalaşgär görkezildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji noýabrynda ABŞ-da prezident saýlawlary geçiriler. Şol saýlawlar üçin ýurduň iri syýasy partiýasy bolan Respublikan partiýasy milli mejlisinde Donald Trampy resmi taýdan dalaşgär görkezdi.

ABŞ-nyň ozalky we 45-nji Prezidenti Donald Tramp Respublikan partiýasyndan dalaşgär bolmak üçin zerur bolan sesleri aldy.

Donald Tramp ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde Ogaýo ştatynyň senatory Jeýms Dewid Wensi saýlady.

Jeýms Dewid Wens 39 ýaşyndaky Kongresde Ogaýo ştatynyň senator hökmünde wekilçilik edýär. 1984-nji ýylda doglan Dewid Wens Ogaýo uniwersitetini we meşhur Ýel uniwersitetini tamamlady. Ol syýasy karýerasyna başlamadan ozal, hususy kompaniýalarda işledi.

Related posts

Tokionyň ilaty 14 milliona ýetdi

Ata Watan Eserleri

Astanada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň gymmat doňdurma