BILIM

Bilim ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow we Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Eren hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlyk etmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk sözleri aýtdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Serhet instituty 2023: Sizi okuwa çagyrýar!

Türkmenistanly okuwçylaryň halkara üstünligi

Türkmen ýaşlaryna Koreýa Respublikasynda talyp haky mümkinçiligi döredilýär