BILIM

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça mümkinçilikler barada pikir alyşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Related posts

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistan bilen Italiýa bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty: Talyp: 2021

vepa