DÜNÝÄ

Aşgabatdaky asma ýolda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýtdy we paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýolda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Related posts

Mohammad Galibaf täzeden Eýranyň Mejlis başlyklygyna saýlandy

Marten Buig: Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmaga taýýardyrys

5-nji gezek premýer-ministrlige saýlandy