BILIM

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň, çapyksuwarlaryň zähmet we dynç alyş şertleri bilen tanyşdy.

Bu merkezdäki taslamalar bilen tanyşlyk mahaly Halk Maslahatynyň Başlygy şol bir wagtyň özünde häzirki zaman stadionlarynyň, sport desgalarynyň gurluşygyna hem-de enjamlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, desgalarda sport bilen meşgullanmak üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegine ähmiýet berilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde gurulýan mekdepleriň ikisiniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdep bolmagynyň, bu ýerde Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bolmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Munuň özi beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda-da degişli orta hünär okuw mekdepleriniň işiniň ýola goýulmagyny üpjün eder.

Related posts

Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk instituty:“Açyk Gapylar 2023”

Birleşen Arap Emirlikler :Abraýly ýokary okuw mekdepleri 2022

Uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar

Leave a Comment