Gut Hakda Bilim :Ilkinji setirler

REHIMDARLARYÑ RAHMANY BEÝIK ALLANYÑ ADY BILEN

[1] Alham, şükür, minnet we tükeniksiz öwgüleriň bary kimiňkidir diýip sorasaňyz, ol eziz we jelil bolan Taňrynyňkydyr. [2] Ägirtligiň, ululygyň hakyky eýesi Taňrydyr. Ol bar zady tükel bolan gudraty güýçli patyşadyr. Ýeri, asmany ýaradan, ähli [3] janly-jandarlara yrsgalyny berenem Taňrydyr. Ol nämäni dileg etse, şol hem hasyl bolýandyr, haýsy zat hakynda arzuw etse, onuň hötdesinden gelýändir [4]. Ýefalüllahü ma ýesa we ýahkümü ma ýürid.  Ýene tükeniksiz salam we hormat [5] ilhalar pygamberleriň naýbaşy bolan, külli musulmanlaryň uly wekili Muhammet [6] Mustafa hem-de onuň eziz we gadyrdan egindeşleridir çarýarlaryna bolsun[7]. Rizwanullahi aleýhim ejmain. Bu kitap örän gadyr-gymmatly we tapdyrgysyz bir kitapdyr. Çin [8] hökümdarlarynyň tymsallary bilen bezelendir, maçyn ulemalarynyň şygyrlary [9] bilen saplanyp, eýi ýetirilendir. Bu kitaby okan we onuň beýitlerini diňleýänlere aýdyp [10] bereniň gadyr-gymmaty bu kitapdan has-da ýagşydyr. Çyn-maçyn alymlary we häkimleriniň [11] hemmesi muňa gatnaşyp, ony doly goldapdyrlar. Maşryk welaýatynda, külli Türküstan [12] illerinde Bugra Han dilinde, türkmen sözleýşinde bu kitapdan ýagşyrak heniz [13] başga bir kitap  ýazylmandy. Bu kitap haýsy patyşanyň ýa-da yklymdyr diýaryň [14] ynsanlarynyň eline düşse, labyzlylygy, ajaýyplylygy we nusga alarlylygydyr görklüligi sebäpli, şol [15] illeriň häkimleridir alymlary muny doly makullap, özlerine mahsus kitap hökmünde kabul edip, her biri özüçe atdyr adalga [16] beripdirler. Çinliler “Edebül-mülk” (“Enisül-memalik”) diýen adalgany beripdirler, maçyn mäliginiň häkimleri [17] “Aýinül- ümera” (“Zinetül-ümera”) diýip atlandyrypdyrlar [18], eýranlylar “Şaname-ýi türki” (“Türkleriň şanamasy”) diýip at goýupdyrlar, ýene birnäçeleri bolsa “Pendname-ýi mülük” (“Mälikleriň pentnamasy) [19] diýipdirler. Turanlylar “Kutadgu-bilig” (“Gut hakda petek”) diýip atlandyrypdyrlar. Bu kitaby ýazan [20] Balasagun şäheriniň ilhalar takwasydyr. Emma ol bu kitabyny Kaşgar [21] ilinde tamamlap, Maşryk mäligi Tabgaç Bugra hanyň huzuryna hödürläpdir [22] we mälik Bugra Han-da oňa hormatdyr sylag edip, “Has Hajyplyk” ylmy derejesini bermekligi mynasyp [23] görüpdir. Şol sebäpli onuň ady we şan-şöhrady Ýusup Uly Has Hajyp hökmünde bütin [24] bütin dünýä ýaýrapdyr. Bu gymmatly kitabyň dört sany uly we möhüm sütün esasynda [25] düýbi tutulypdyr. Biri- adyllyk (gönülik), ikinjisi- döwletlilik (gutlulyk), üçünjisi- akyl (üşüklilik), dördünjisi- kanagat (sabyrlylyk) . Ýene [26] ýazyjy bularyň her birine türkmençe bir at hem goýupdyr. Adyla – Gündogdy diýen at goýup [27],  oňa hanyň, soltanyň ornuny beripdir. Döwlete – Aýdoldy diýen at berip, ony weziriň ornunda [28] goýupdyr. Akyla – Ögdülmiş adyny berip, ony weziriň oglunyň ýerine goýupdyr. [29] Kanagata bolsa Odgurmyş diýen at goýup, ony weziriň ýakyn hossary, golaý garyndaşy edip görkezipdir. [30] Mundan başga-da ýazyjy öz pikirdir garaýyşlaryny sorag-jogap görnüşde orta atyp, ony sözleýji-diňleýji esasynda gepleşik usulynda beýan edipdir. [31] Okyjylaryň göwni açylyp, ýazyjyny hemişe ýagşy dilegde ýatlasynlar diýip.

Related posts

“Bedew bady: güýç hem gözellik”: baş baýraga rus režissýor mynasyp boldy

Ilham Aliýew: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir

Ilham Aliýew: Azerbaýjan 2028-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmäge taýýar

2027-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmek Özbegistana geçer

Ata Watan Eserleri

“Awaza” toplumynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin we Masud Pezeşkian Awazada duşuşdylar

«Tatar gyzy-2026» bäsleşiginiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulag gowşuryldy

Özbegistandan Amina Mahmudowa «Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi — Enn Karsan

Baku Tv Ata Watan Media-nyň baş redaktory bilen söhbetdeş boldy

Ata Watan Eserleri

Awazada GDA-nyň döwletleriniň milli tagamlarynyň festiwaly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy

Türkmenbaşy duşuşygy: Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýanyň strategik hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana iş sapary bilen geldi

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeş döredildi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Muşdaklaryň kalbynda ekeniň-ä, kaka jan!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri bilen duşuşygy geçirildi

Mirziýoýew «alty ykdysadyýet-bir önüm» formulasy boýunça bilelikdäki önümçiligi teklip etdi