JEMGYÝET

Arkadag şäherinde “Arzuw ganatlary” atly dabara geçirildi

Arkadag şäherinde “Arzuw ganatlary” atly dabara geçirildi. Ony Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guradylar. Çäre Bütindünýä çagalar güni mynasybetli, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçirildi.

Dabara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Çäre “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen başlandy.

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyşynyň bir bölegini iňlis dilinde dowam etdi. Ol gaznanyň ösüp gelýän ýaş nesliň beden, intellektual we durmuş abadançylygyna ýardam etmek üçin ýerli guramalar hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. O.Atabaýewa 11-nji dekabrda döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän ÝUNISEF-iň ýolbaşçylaryny, işgärlerini we meýletinçilerini gutlady. Ol bilelikdäki taslamalar barada hem aýtdy: ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça çäre, ene-atalara çagany terbiýelemek ulgamynda bilimlerini artdyrmaga gönükdirilen başlangyç we inklýuziw bilimi ilerletmek işi. Wise-prezident gazna bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan dabaranyň guramaçylaryna hoşallyk bildirdi we türkmen nakylyny — “Bal süýji, baldan-da bala süýji” diýen sözleri ýatlady. Onuň sözlerine görä, ösüp gelýän nesil Türkmenistanyň diňe bir geljegi bolman, eýsem, şu günki ösüşiniň hem işjeň gatnaşyjylarydyr. BMG-niň wekili Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň çagalary goramak ulgamyny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalarynda ygtybarly hyzmatdaş bolmagynda galýandygyny aýtdy.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna şu ýyl Bütindünýä çagalar gününiň “Meniň günüm, meniň hukuklarym, meniň geljegim” şygary astynda geçýändigini we Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň döredilmeginiň şanly senesiniň bellenilýändigini habar berdi. Türkmenistan bu Konwensiýa 1993-nji ýylda goşuldy. Wekiliň sözlerine görä, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri bilen bilelikde Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde ene-atalary goldamak boýunça synag toparlary üstünlikli ýola goýuldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bilim ministrligi bilen bilelikde “Çaganyň saglygy” atly ykjam goşundyny işläp taýýarlaýar. Jalpa Ratna ene süýdi bilen iýmitlendirmek we mümkinçiligi çäkli çagalar üçin inklýuziw gurşawy döretmek meselelerinde hyzmatdaşlyk edýändigi üçin haýyr-sahawat gaznasyna hoşallyk bildirdi.

Dabara gatnaşyjylar “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Bu topar 2007-nji ýylda döredildi. Tomaşa “Akja kepderi” atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Soňra myhmanlar dabara mynasybetli ýörite gurnalan pawilýonlary synladylar. Olarda gazna we ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyçlary, şeýle hem “Maşgala meýdançasy”, “Ýaşyl mekdepler”, “Çagalar we ekologiýa medeniýeti”, “Döredijilik çagalary” atly gurnalan pawilýonlar görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda döredildi. Ol çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalara goldaw berýär, lukmançylyk kömegi, saglygyny dikeltmek we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak üçin serişdeleri bölüp berýär. Gazna ÝUNISEF, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy we Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi.

Related posts

Türkmenistandan Türkiýä 11 tonnadan gowrak ynsanperwer kömegi iberildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

Hormatly Prezidentimiz Wladimir Žirinowskä hat iberdi