Ýaňy-ýakynda, has takygy şu ýylyň 8-9-njy noýabrynda Azerbaýjan Respublikasy Ýeňiş gününi hem-de Döwlet Baýdagynyň gününi belläp geçdi. Goşa baýramçylyk mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy konsert maksatnamasyny guraýar.
Ertir, ýagny 11-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda türkmen we azerbaýjan sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň gatnaşmagynda Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artiskasy Ilaha Efendiýewa, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijileri Begenç Moşiýew, Nariman Guseýnow hem-de Gulgeldi Gatyýewiň ýerine ýetirmeginde dürli aýdymdyr sazlar ýaňlanar.
Eziz Jumaniýazowyň dirižýorlygynda geçiriljek konsert agsam sagat 19:00-da başlaýar.
