3-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Forum ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmegiň geljegini we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döwlet edaralarynyň wekillerini, daşary ýurt kompaniýalaryny, maýadarlary, pudaklaýyn edaralaryň hünärmenlerini we telekeçileri bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedow umumy mejlisde eden çykyşynda giň gerimli gurluşyk işleri arkaly ýurdumyzyň keşbiniň döwrebap derejede özgerdilmeginiň Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, elektroenergetika we himiýa pudaklarynyň işiniň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Onuň aýtmagyna görä, bu pudaklara maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagy milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Wise-premýer şähergurluşyk we infrastruktura ulgamlarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar barada gürrüň berdi. Olaryň hatarynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny dowam etdirmek, Mary welaýatynyň Ymambaba geňeşliginde 22,5 müňden gowrak ýaşaýjy üçin niýetlenen täze döwrebap şäherçäni gurmak, şeýle hem paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler bar.
Senagat önümçiligini ösdürmäge aýratyn üns berildi. B. Annamämmedow 2025-nji ýylda ýylda 3,3 million inedördül metr keramiki plitkalary we 120 müň sany sanitar keramika önümlerini öndürmäge ukyply «Bäherden» keramika kärhanasynyň, şeýle hem gije-gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürmäge niýetlenen önümçilik sehiniň açylandygyny ýatlatdy.
Energetika pudagynda milli energiýa ulgamyny berkitmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we täze elektrik energiýasyny öndüriji kuwwatlyklary döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hususan-da, Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1 574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Şeýle hem Gün we ýel energiýasyny peýdalanýan köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Sebitleýin infrastruktura taslamalarynyň arasynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy aýratyn bellenildi.
Himiýa senagatynyň ösüş mümkinçilikleri barada durup geçmek bilen, wise-premýer Türkmenabatdaky S. A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň, şeýle hem Balkan welaýatynda ýylda 1,155 million tonna karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň gurluşygyny aýratyn belledi.
Şeýle-de Gyýanlydaky polimer zawodynyň düýpli abatlaýyş işleri dowam etdirilýär. Ahal welaýatynda bolsa tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy meýilleşdirilýär.
B. Annamämmedow ulag we ýol hojalygy pudagynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda awtomobil ýol infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmegi görkezdi.
Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň ulanmaga berilmeginden soň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Wise-premýeriň nygtaýşy ýaly, halkara serginiň we maslahatyň geçirilmegi hünär tejribesini alyşmak, täze tehnologiýalary tanyşdyrmak, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem türkmen we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
CIET 2026 halkara sergisi we maslahaty 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýär.
