Şu gün, 2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara maslahatynyň we sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
5-nji noýabra çenli dowam etjek üç günlük forum döwlet edaralarynyň wekillerini, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny, şeýle hem tanymal binagärleri, inženerleri we halkara bilermenleri bir ýere jemledi.
«Innowasiýalar, maýa goýumlar, ösüş» diýen strategik şygar astynda geçirilýän CIET 2026 forumy bilen ugurdaş geçirilýän halkara sergä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ilçiler hem-de daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä we mallahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady. Soňra serginiň toý bagy kesilip, sergi öz işine başlady.
Sergi meýdançasynda ilçi bilen myhmanlary “A.L.I” atly robot garşylady we CIET 2026 forumynda hoş görýändigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow myhmanlar bilen sergi meýdançasyny aýlandy. Sergä Türkiýäniň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynyň kärhanalarydyr kompaniýalary öz önümlerini hödürledi.

Sergä ilkinji gezek öz diwarlygy bilen gatnaşýan Russiýanyň “Rosatom” kompaniýasy Türkmenistan üçin hem birnäçe ugurda öz taslamalary bilen gatnaşýandygyny mälim etdi.
Şeýle hem sergä gatnaşýan kompaniýalaryň köp bölegi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp geçýärler.

Serginiň ekspozisiýasy we işewürlik maksatnamasy ýurduň depginli ösýän infrastrukturasyny kemala getirmekde gurluşyk pudagynyň, senagat toplumynyň we energetika ulgamynyň arasyndaky berk özara baglanyşygy şöhlelendirýär.
Üç günüň dowamynda forumyň gatnaşyjylaryna giň gerimli maksatnama garaşýar. Onuň çäklerinde strategik umumy mejlisler, ýöriteleşdirilen sergi, maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, şeýle hem B2G we B2B görnüşlerinde öňünden guralan işewürlik duşuşyklary geçiriler.

Öz işine başlan forumyň esasy maksady anyk ylalaşyklary gazanmakdan, şertnamalara gol çekmekden we milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda uzak möhletleýin bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge girişmekden ybaratdyr.
