BIZNES

Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň «Akylly gümrük» maslahatynda öz tejribesini hödürledi

2026-njy ýylyň 26-30-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä gümrük guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen «Akylly gümrük» taslamasynyň ählumumy maslahatynyň işine gatnaşdylar.

Halkara maslahatyň çäklerinde, Türkmenistanda «Akylly» gümrügi döretmek, gümrük işinde sanly hyzmatlary we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen maslahata gatnaşyjylar ýakyndan tanyşdyryldy.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda Türkmenistanyň gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça esasy ugurlary, şol sanda Gözegçilik-seljeriş merkeziniň döredilmegi, «ASYCUDA World» we «Bir penjire» ulgamlarynyň binýadynda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy, halkara ýük daşamalarynda howpsuzlygy üpjün etmegiň kämil tehnologiýasy bolan GPS tehnologiýalaryň işe girizilmegi, daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen deslapky maglumatlaryň elektron görnüşinde alyş-çalşygynyň giňeldilmegi barada maglumat berildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça Türkmenistanda gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi we bu ugurda tejribeleriň paýlaşylmagyna uly gyzyklanma bildirildi.

Related posts

2023-nji ýylyň önümçilik senenamasy : haýsy günler dynç güni

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökün önümçiligini gurar

Lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçary satyn alynýar