DÜNÝÄ

ABŞ, Ýaponiýa we Günorta Koreýa üçtaraplaýyn Arktika–Ýuwaş umman hyzmatdaşlygyny döretdiler

ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Atlanta şäherinde üçtaraplaýyn Arktika–Ýuwaş umman hyzmatdaşlygyny döretmek hakynda özara düşünişmek ähtnama gol çekdiler.

Bu barada “Report” agentligi ABŞ-nyň Döwlet departamentine salgylanyp habar berýär.

«ABŞ-nyň Döwlet sekretary we daşary işler ministrleri üçtaraplaýyn Arktika–Ýuwaş umman hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda memoranduma gol çekdiler. Bu taslamanyň maksady Ýuwaş umman we Arktika sebitlerinde deňiz hyzmatdaşlygyny hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr» diýlip, habarda bellenilýär.

«Yonhap» agentliginiň habar bermegine görä, ähtnamada deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we gämileriň bortunda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda özara kömek bermek boýunça bilelikde iş alyp barmak hem göz öňünde tutulýar. Bu ugurlarda Arktika geňeşi bilen hyzmatdaşlyk etmek meýilleşdirilýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň daşary işler ministrleri Tosimitsu Motegi we Ço Hýon bilen geçiren duşuşygynda «Hytaýyň Günorta Hytaý deňzine gözegçilik etmäge synanyşmagy, şeýle hem Sary deňizde we Gündogar Hytaý deňzinde güýç ulanmak arkaly basyş etmegi» bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Related posts

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Tramp işewür Maska täze hökümetde iş teklip etdi