Dünýä bazarlarynda altynyň bahasy düýpli pese düşýär. 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda altynyň bahasy soňky bir ýylyň iň pes derejesine çenli arzanlady. Bu ýagdaý ýakyn wagtda toý etmegi meýilleşdirýän maşgalalar üçin oňyn habar bolup biler.
«Reuters» halkara habarlar agentliginiň 30-njy oktýabrda ýaýradan maglumatyna görä, dünýä bazarynda altynyň bir troý unsiýasynyň (31,1 gram) bahasy 3 880,97 ABŞ dollaryna çenli pese düşdi. Bu 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri hasaba alnan iň pes derejedir.
Has gyzykly tarapy bolsa, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda altynyň bir unsiýasynyň bahasy 5 595 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanyp, rekord derejä ýetipdi. Häzirki wagtda bolsa şol rekord baha bilen deňeşdirilende altyn takmynan 30 göterim arzanlady.
Altynyň bahasy näme üçin pese düşýär?
Hünärmenleriň bellemegine görä, altynyň arzanlamagyna birnäçe ykdysady ýagdaý täsir edýär.
ABŞ-da inflýasiýanyň ýokarlanmagy, nebit bahalarynyň gymmatlamagy we ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň göterim derejelerini ýokarlandyryp biljekdigi baradaky garaşmalar altynyň bahasyna basyş edýär.
Şeýle hem dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň arzanlamagy we maliýe bazarlaryndaky durnuksyzlyk käbir maýadarlaryň altyn satyp, nagt serişde toplamagyna sebäp bolýar.
Toý etjekler üçin amatly pursatmy?
Türkmenistanda toý dabaralarynda altyn şaý-seplerine aýratyn ähmiýet berilýär. Gelin-gyzlar üçin altyn ýüzükler, zynjyrlar, bilezikler we beýleki şaý-sepler köp maşgalalaryň toý çykdajylarynyň möhüm bölegini tutýar.
Şonuň üçin dünýä bazarynda altynyň bahasynyň pese düşmegi toý etmegi meýilleşdirýän maşgalalar üçin begendiriji täzelik bolup biler.
Emma bu ýerde bir möhüm meselä hem ünsi çekmek isleýäris.
Elbetde, toýlarda altyn şaý-sepleriň sowgat berilmegi ýa-da satyn alynmagy gowy zat. Bu halkymyzyň däp-dessurlarynyň hem bir bölegidir. Ýöne ýaşlaryň geljekki durmuşyna ýaramaz täsir edip biljek, maşgalalary artykmaç çykdajylara we bergä iterýän gereksiz altyn sargytlaryndan gaça durmagyň hem peýdasy bar.
«Zat bilen bagtly bolunmaýar» diýen sözi unutmazlyk gerek. Täze gurulýan maşgalanyň binýadyny altynyň ýa-da beýleki gymmatbaha sowgatlaryň köplügi bilen däl-de, söýgi, ynam, düşünişmek we özara sylag-hormat bilen gurmak has möhümdir.
Käwagt «ilden galmajak» bolup, maddy mümkinçiliklerimizden artyk çykdajy edýäris. Käbir ýagdaýlarda bolsa, puluna ýer tapman ýören adamlara öýkünip, ýaşlaryň geljekki durmuşyna zerur boljak serişdeleri bir günlük dabara ýa-da gymmatbaha sowgatlara sarp edýäris.
Eýsem, toýuň esasy maksady näme? Il-güne baýlygymyzy görkezmekmi ýa-da iki ýaş bagtly bolup, täze maşgala gurmagy üçin olara ak pata bermekmi?
Meniň pikirimçe, toýuň iň uly baýlygy altyn şaý-sepleriň köplügi däl-de, şol toýdan soň ýaşlaryň bagtly, agzybir we aladasyz durmuş gurup bilmegidir.
Şonuň üçin hem täze gurulýan maşgalanyň bagtly we abadan geljegi barada çynlakaý alada etmek diňe bir öýlenýän ýigidiň ýa-da gelin bolýan gyzyň däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň we ýakyn hossarlarynyň hem jogapkärçiligidir.
Toýda altynyň köp bolmagy ýaşlaryň bagtly ýaşajakdygyna kepil geçmeýär. Emma artykmaç çykdajylardan, gereksiz talaplardan we bergilerden gaça durmak olaryň maşgala durmuşyna has rahat başlamagyna ýardam edip biler.
Geliň, toýlarymyzda altynyň agramyny däl-de, ýaşlarymyzyň bagtyny has ileri tutalyň!
Okyjylarymyza sowal
Eýsem, Türkmenistanda hem altyn şaý-sepleriniň bahasy arzanlaýarmy? Siz soňky günlerde altynyň bahasynda üýtgeşiklik duýduňyzmy?
Şeýle hem siziň pikiriňizçe, toýlarda altyn şaý-seplere aşa köp çykdajy etmek zerurmy ýa-da şol serişdeleri ýaşlaryň geljekki durmuşyna gönükdirmek has peýdalymy?
