JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine «Strategik dostluk nyşany» gowşuryldy

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylyş dabarasyna gatnaşandygyny mälim etdi.

Bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz özüniň “X” sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi.

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Strategik dostluk nyşany» gowşuryldy. Dabara Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitiniň çäklerinde geçirildi.

Jewdet Ýylmaz öz paýlaşan habarynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

«Çuňňur doganlyk gatnaşyklaryna we özara ynama esaslanýan Türkiýe–Türkmenistan gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, söwda we maýa goýumlary babatda, şeýle hem ähli ugurlarda ösdürmäge uly ähmiýet berýäris» diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti belledi.

Şeýle hem Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy bu abraýly nyşan bilen gutlady.

Wise-prezident iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşýan işewür toparlaryň wekillerine, aýratyn-da, DEİK-iň başlygy Nail Olpaga minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentine «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, özara ynamyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýän möhüm waka boldy.

Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasy.

Ata Watan Media

Related posts

Petronas’dan Türkmenistan’a 10,5 Milyar dolarlık Yatırım

vepa

5. Asya Oyunlarında 2000 madalya sahiplerini bulacak

vepa

Halk Maslahatynyň mejlisinde täze kanunlar makullandy