JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda CICA-nyň sammitine gatnaşýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) 7-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna bardy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň başlyklyk etmeginde bu sammit öz işine başlady. Baku şäherinde geçirilýän sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda geňeşe agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, wise-premýerler, daşary işler ministrleri, şeýle hem wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň başlyklyk edýän döwrüne gabat gelen sammitde guramany mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda ony Ýewraziýa giňişliginde dürli köptaraplaýyn platformalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň umumy ulgamyna utgaşdyrmak meselelerine seredilýär.

Geňeşiň düzümine 28 döwlet girýär: Russiýa, Azerbaýjan, Owganystan, Bangladeş, Bahreýn, Wýetnam, Müsür, Ysraýyl, Hindistan, Iordaniýa, Yrak, Eýran, Gazagystan, Kamboja, Katar, Gyrgyzystan, Hytaý, Kuweýt, Mongoliýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Palestina, Pakistan, Koreýa Respublikasy, Täjigistan, Tailand, Türkiýe, Özbegistan we Şri-Lanka.

Related posts

Türkmenistanda Hasyl toýy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti: Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris

Adam atlarynyň manysy 24-nji fewral