DÜNÝÄ

Türkmenistan we Russiýa hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdi

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleri 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň işini mundan beýläk-de utgaşdyrmaga gönükdirilen 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi. Resminama Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrowyň we Raşid Meredowyň gepleşiklerinden soňra kabul edildi.

Taraplar iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň esasy temasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boldy.

Lawrow bilen Meredow döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem-de halkara guramalaryň meýdançalarynda netijeli dialogy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe “Awaza” milli  syýahatçylyk zaolagynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy hem geçirildi.

Matwiýenko Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda yzygiderli syýasy dialogyň we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary derejesini belledi. Onuň aýtmagyna görä, taraplar iri ykdysady, maýa goýum we logistika taslamalaryny işläp taýýarlaýarlar.

Related posts

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türkiýe Respublikasynyň Täze Bellenen Ilçisi Bilen Duşuşyk

vepa

Türkiýe we Türkmenistan: Meredowyň Çawuşogly bilen duşuşygy

Dr.Döwran Orazgylyjov