BILIM

Dünýäniň iň gowy 1000 uniwersitetiniň sanawy täzelendi

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerini kesgitleýän “Times Higher Education (THE) World University Rankings” sanawynyň 2027-nji ýyl üçin täze netijeleri çap edildi.

Her ýyl “Times Higher Education” tarapyndan taýýarlanylýan bu halkara reýting dünýäniň ýokary okuw jaýlarynyň derejesini deňeşdirmekde giňden ulanylýan sanawlaryň biridir. Uniwersitetler bilim bermek, ylmy-barlag işleri, ylmy işleriň hili, halkara gatnaşyklary we senagat bilen hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar boýunça 17 görkeziji esasynda bahalandyrylýar.

2027-nji ýylyň sanawynda dünýäniň 118 ýurdundan we sebitinden 2 297 ýokary okuw jaýy orun aldy.

Sanawyň başynda yzly-yzyna 11-nji ýyl Beýik Britaniýanyň University of Oxford ýokary okuw jaýy ýerleşdi. Ikinji orny ABŞ-nyň Massachusetts Institute of Technology (MIT), üçünji orny bolsa deň netije bilen Princeton University we Stanford University eýeledi.

Dünýäniň iň gowy 10 ýokary okuw jaýy:

  1. University of Oxford — Beýik Britaniýa
  2. Massachusetts Institute of Technology (MIT) — ABŞ
  3. Princeton University — ABŞ
  4. Stanford University — ABŞ
  5. University of Cambridge — Beýik Britaniýa
  6. Harvard University — ABŞ
  7. California Institute of Technology (Caltech) — ABŞ
  8. Imperial College London — Beýik Britaniýa
  9. University of California, Berkeley — ABŞ
  10. Yale University — ABŞ.

Täze reýtingde Aziýanyň ýokary okuw jaýlarynyň görkezijileriniň ýokarlanmagy hem aýratyn üns çekýär. Hytaýyň Tsinghua University ýokary okuw jaýy 11-nji orna çykyp, Şweýsariýanyň ETH Zurich uniwersitetinden öňe geçdi. National University of Singapore bolsa ilkinji 15-lige girdi. Şeýlelikde, ilkinji gezek Aziýanyň üç ýokary okuw jaýy dünýäniň iň gowy 15 uniwersitetiniň hataryna girdi.

SANAW DAŞARY ÝURTDA OKAMAK ISLEÝÄNLER ÜÇIN HEM MÖHÜM

Bu sanaw Türkmenistanda daşary ýurtlarda bilim almak isleýän ýaşlar we olaryň ene-atalary üçin hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Hususan-da, degişli talaplar boýunça dünýäniň öňdebaryjy reýtinglerinde ilkinji 1000-lige girýän ýokary okuw jaýlary daşary ýurtda okamak isleýänler üçin üns berilmeli ýokary okuw jaýlarynyň hatarynda durýar.

Şol sebäpli AtaWatan Türkmenistan okyjylary üçin 2027-nji ýylyň täze reýtingindäki ilkinji 1000 ýokary okuw jaýynyň sanawyny dolulygyna Excel görnüşinde hem hödürleýär.

Şeýlelikde, daşary ýurtda ýokary bilim almagy meýilleşdirýän ýaşlar sanawdan özlerini gyzyklandyrýan ýokary okuw jaýynyň 2027-nji ýylyň dünýä reýtingindäki ornuny aňsatlyk bilen barlap bilerler.

Times Higher Education World University Rankings 2027 boýunça dünýäniň ilkinji 1000 ýokary okuw jaýynyň doly sanawyny Excel görnüşinde AtaWatan Türkmenistan saýtyndan ýükläp alyp bilersiňiz.

THE_World_University_Rankings_2027

Related posts

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda pars dili boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlady