SPORT

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 41 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary UEFA Milletler ligasynyň üçünji tapgyrynda Çehiýanyň milli toparyny 3:1 hasaby bilen ýeňdiler. Duşuşyk Owýedo şäherinde geçdi.

Ispaniýanyň toparynyň düzüminde gollary Lamin Ýamal (6-njy minut), Rodri (25) we Mikel Merino (89) geçirdiler. Çehiýanyň toparynyň düzüminde goluň awtory Irži Slama (69) boldy.

85-nji minutda Çehiýanyň oýunçysy Ladislaw Kreýçi ikinji sary kartoçkany alyp, meýdançadan çykaryldy.

Ispaniýa 9 utuk toplap, elit A ligasynyň 3-nji toparçasynda birinji orny eýeleýär. Ondan soňky orunlarda Angliýa (6), Horwatiýa (3) we Çehiýa (0) ýerleşýär.

Bu ýeňiş arkaly Ispaniýanyň milli ýygyndysy ýeňilmän gelýän duşuşyklar tapgyryny uzaltdy we indi ol 41 oýna ýetdi. Olaryň häzirki wagta çenli iň soňky ýeňlişi 2024-nji ýylyň mart aýyna degişlidir, şonda ispanlar Kolumbiýadan utulypdylar (0:1).

Related posts

“Çelsi” futbol toparynyñ doglan güni

Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygy futbol hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri

Ýewropanyň iň ýaş futbolçysyna “Golden Boy” baýragy gowşuryldy