ABŞ-nyň Döwlet departamenti Prezident Donald Trampyň wezipesine girişeninden bäri 250 müňden gowrak ABŞ wizasy ýatyrylandygyny mälim etdi. Bu barada “Fox News” döwlet departamentiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Habarda wizalaryň ýatyrylmagyna olaryň şertleriniň bozulmagy, dürli jenaýatlar, galplyk, immigrasiýa ulgamyndan hyýanatçylykly peýdalanmak we milli howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň sebäp bolandygy aýdylýar. Şeýle hem ýatyrylan wizalaryň 2 300-siniň ABŞ-a çaga dogurmak maksady bilen syýahat etmek — “birth tourism” bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Tommy Pigott bu görkezijini taryhy dereje diýip häsiýetlendirip, wiza eýeleriniň yzygiderli barlanýandygyny aýtdy. Döwlet departamenti soňky döwürde wiza dalaşgärlerini barlamak düzgünlerini hem giňeltdi.
