DÜNÝÄ

Si Szinpin ýuany dünýä ätiýaçlyk walýutasyna öwürmäge çagyrdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ýuanyň dünýä ätiýaçlyk walýutasy derejesini almagynyň zerurdygyny aýtdy. Bu barada “Financial Times” neşiri habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, Si Hytaýa halkara söwdasynda, maýa goýumlarynda we walýuta bazarlarynda giňden ulanyp boljak «kuwwatly walýutany» döretmegiň zerurdygyny nygtady. Neşiriň ýazmagyna görä, Hytaýyň ýolbaşçylygy ýuany halkara derejede ornaşdyrmaga uzak wagtdan bäri tagalla edip gelýär.

Hytaýyň Lideri şeýle hem ýurduň pul-karz syýasatyny dolandyrmak üçin «kuwwatly merkezi banka», şeýle-de dünýä maýasyny çekip biljek we dünýä bahalaryna täsir ýetirip biljek bäsdeşlige ukyply maliýe institutlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy diýip, rambler.ru habar berýär.

Related posts

Avaza sınır karakolu açıldı

vepa

Halkara we sebit guramalaryna başlyklyk etjek döwletler

Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçiriler

Ata Watan Eserleri