DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti geçirilýär

Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammiti geçiriler. 6-7-nji oktýabrda geçiriljek bu sammit “Sebitleýin parahatçylyk we howpsuzlyk” atly mowzuk bilen guralar.

Onuň mejlisiň gün tertibine Guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň möhüm meseleleri girizildi.

Syýasy, söwda-ykdysady, innowasiýa, maýa goýum, energetika, ulag-kommunikasiýa, ynsanperwerlik we beýleki ileri tutulýan ugurlarda amaly özara hereketleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem halkara syýasatyň esasy ugurlary boýunça hem pikir alyşarlar.

Sammitiň netijesinde Gurama agza ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe bilelikdäki çözgütleriň we resminamalaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Related posts

Ýewropa Birleşiginiň başlyklygy Germaniýa geçdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Günorta Koreýa bardy

Ata Watan Eserleri

Magtymgulynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi