DÜNÝÄ

ABŞ-nyň dollarynda Trampyň suratyny ýerleşmek üçin kanun taslamasy

ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň iki agzasynyň ýurduň pul birligi bolan dollarda Donald Trampyň suratyny ýerleşdirmek baradaky kanun taslamasyny hödürländigi mälim edildi. Hödürlenen kanun taslamasyna görä, 100 dollar möçberindäki pul birligindäki Benžamin Frankliniň portretini prezident Donald Trampyň suraty bilen çalyşmak teklip edilýär.

Respublikan partiýasynyň wekilleri Brendon Gill we Troý Nels özüniň “X” jemgyýetçilik tory arkaly beren beýanatynda “2025-nji ýylyň altyn asyry hakynda” kanun taslamasyny Wekiller palatasyna hödürländiklerini mälim etdiler.

– Prezident Tramp ýaly hiç kim Amerikany altyn asyryna ýetirmek üçin has köp iş alyp barmady. 100 dollarlyk pul birligine onuň suratyny ýerleşdirmek bilen onuň geljek ýyllarda amala aşyrjak işlerini ýatlamak üçin mümkinçilik bolar – diýip, Nels belledi.

Eger kanun taslamasy kabul edilen halatynda,  2028-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soňra çykaryljak 100 dollarlyk pul birliklerinde Trampyň suraty ýerleşdiriler.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri sylaglandy

Türkmenistan’da Anayasa ve Bayrak Günü kutlandı

vepa

Ýewropa Parlamentiniň täze başlygy saýlandy

Ata Watan Eserleri