BIZNES

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy.

Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri Berlin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda aýtdy.

«Biziň pikirimizçe, maliýe-bank ulgamy türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmalydyr» – diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň barha ösýän bank ulgamy ýurdumyzyň maliýe durmuşynyň möhüm bölegidir we şunda daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine uly üns berilýär.

«Şunuň bilen baglylykda, Germaniýanyň banklaryny, eksport – karz edaralaryny, ätiýaçlandyryş guramalaryny Türkmenistanyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrýarys» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan söwda gatnaşyklaryny ösdürer

Azerbaýjan Ýewropa 7,3 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Bäsleşik: Lebap welaýatynda döwrebap athana gurlar

Ata Watan Eserleri