BILIM

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň rektorlarynyň ikinji forumy geçiriler

14-nji sentýabrda Täjigistan Milli uniwersitetinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary hünär okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy geçiriler. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrligi tarapyndan habar berildi.

Bu forum 2023-nji ýylyň 13-15-nji sentýabry aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji Konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler.

Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň bilim ministrleri, şeýle hem Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary hünär bilim edaralarynyň rektorlary gatnaşarlar, şeýle hem forumda ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda özara pikir alyşmalar geçiriler.

Forum, bu döwletleriň bilim we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňelder, mugallymlaryň we talyplaryň alyş-çalşyny artdyrar.

Related posts

Ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlyk

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri 2024: Iki ýylda 50 göterim artyş

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi