DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny we hususy ulgamyň önümlerini tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi döwlet we hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýä bazarlarynda barha giň orun alýan harytlarymyzy we hyzmatlarymyzy, şeýle-de amala aşyrýan taslamalarymyzy Ýer ýüzüne ýaýmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredir.

Related posts

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-eýran bilelikdäki ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi geçirilýär

Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrar

Leave a Comment