MEDENIÝET

“TRT Balkan” teleýaýlymy öz işine başlady

Düýn Ankaradaky “Grand Ankara Otel” myhmanhanasynda “TRT Balkan” teleýaýlymynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Onda Türkiýe Beýik Millet Mejlisiniň başlygy (TBMM) Mustafa Şentop, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň aragatnaşyk bölüminiň başlygy Fahrettin Altun we TRT-niň baş direktory Mehmet Zahid Sobajy gatnaşdylar hem-de çykyş etdiler. Olar täze ýaýlymyň işine üstünlikleri arzuw etdiler.

“TRT Balkan” Balkan ýarymadasynda 7 ýurtda 5 dilde işini dowam etdirer.

Ýatlap geçsek, häzirki wagtda TRT-niň “TRT Arapça”, “TRT Kürdi”, “TRT World”, “TRT Nemesçe”, “TRT Fransuzça”, “TRT Avaz” teleýaýlymlary hem dünýäniň dürli halklary üçin birnäçe dillerde ýaýlym durmuşyna dowam edýärler.

 

Taryhda şu gün: 16-njy iýun

Related posts

Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Kanýe Uest aýdym-saz taryhyna girdi

«Türkmenistan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan edýär

Ata Watan Eserleri