Birbada 7 etrap galla borçnamasyny ýerine ýetirdi

Türkmenistanyň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzda galla oragynyň depginleri gün-günden güýçlenýär.

24-nji iýunda birbada ýedi etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berdiler.

Galla oragynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary öňdäkileriň hatarynda barýarlar. Meşhur türkmen bugdaýynyň taryhy watanynda şu möwsümde 69 müň tonnadan gowrak galla öndürildi.

Sarahs etrabynda hem bol hasyl ýetişdirilip, 41 müň tonnadan gowrak bugdaý, Gökdepe etrabynda bolsa 21 müň 500 tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy.

Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerinde hem galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Welaýatyň Ýolöten we Tagtabazar etraplary hem döwlet tabşyrygyny berjaý etdiler. Bu etraplar degişlilikde döwlet harmanyna şu güne çenli 25 müň 200 tonnadan gowrak hem-de 17 müň 300 tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar.

Lebap welaýatynyň ekerançylary uly netijeler gazandylar. Halaç etrabynyň gallaçylary 53 müň 500 tonnadan gowrak, Köýtendag etrabynyň ekerançylary bolsa 17 müň 600 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Obasenagat toplumyna uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, bu bolsa welaýatlaryň ýokary depginlerde ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we, umuman, döwletimiziň ykdysady abadançylygynyň, ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berer.

Related posts

Litwanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk

Draupadi Murmu: Hindistan Türkmenistana öz tejribesini we bilimlerini paýlaşmaga taýýar

Emmanuel Makron: Türkmenistan Fransiýanyň ygtybarly hyzmatdaşy

TIF-2026:Türkmenistan bilen halkara kompaniýalar täze ylalaşyklara gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Astanada «C5+1» formatynda sanly innowasiýalar maslahatyna gatnaşdy

02-nji Oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

TIF-2026: Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri beýan edildi

TIF-2026: Aşgabat bilen Ankara täze geoykdysady döwürde hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny tanyşdyrdy

Tramp administrasiýasy 250 müňden gowrak wizany ýatyrdy

Türkmenistan elektron wiza ulgamyny ýola goýýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Adam hukuklary boýunça 5-nji Samarkant Forumyna gatnaşdy

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Sergeý Lawrow Türkmenistana geler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Murat Bozuň Türkmenistanda konsert bermegine garaşylýar

Türkmenistanyň zenan emini Aziýa oýunlarynyň ýarym final duşuşygynda eminlik etdi

TIF 2026: 45-den gowrak ýurt Aşgabatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşar

01-nji Oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama