DÜNÝÄ

«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky sirk festiwalyna gatnaşýar

Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen 47-nji Halkara sirk festiwalyna gatnaşarlar. Türkmen jigitleri ahalteke bedewleri bilen haýran galdyryjy çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Her ýyl Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk festiwaly dünýäniň sirk sungatynyň möhüm wakalarynyň biridir.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bu sirk festiwalynda çykyş etmek bilen Türkmenistan döwletimiziň sungatyny hem-de medeniýeti ýene-de bir gezek dünýä arenasynda açyp görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary köp sanly halkara festiwallaryň ýeňijileridir.

Related posts

Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ysraýylyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri