DÜNYA

Ýupiteriň «ekiztaýy» tapyldy

Ispaniýaly astronomlar (Kalar-Alto obserwatoriýasy) garaşylmadyk täze saýýaranyň üstünden bardylar. Ol ölçegleri we düzülişi boýunça Ýupitere juda meňzeş, hatda ekiz diýerlik derejede meňzeş. Kataloniýa älem hadysalary institutynyň astronomlarynyň ýolbaşçysy Huan Karlos Moralesiň aýtmagyna görä, bu saýýara häzire çenli bulut şekilli gazly gatlaklaryň aňrysynda gizlenen bolmaly.

Çaklamalara görä, onuň agramy Günüň agramyndan 12 esse agyr. Biziň bir ýylymyz bu ýerde 365 däl-de, 200 güne barabar. Başgaça aýtsak, bu saýýaranyň bir gije-gündizi 24 sagatdan has köp.

Bu täzeligi Germaniýanyň Maks Plank adyndaky astronomiýa institutynyň alymlary hem tassyklady. Çaklamalara görä, ol Ýerden 31 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär.

Related posts

Halk Maslahatı Yeniden Oluşturulacak

vepa

Büyükelçi Kapucu, Veda Resepsiyonu verdi

vepa

Türkmenistan Devlet Başkanı, Ulaştırma Bakanı Ahmet Arslan’ı Kabul Etti

vepa